Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen güni
mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly
Berdimuhamedow, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew,
B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri, Aşgabat we Arkadag
şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, ýurdumyzyň harby we
hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň
we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny
iberdiler.
Hatlarda
saýlawlarda gazanylan bu ýeňşiň ählihalk ynamynyň we halkymyzyň rowaçlygynyň,
ýurdumyzyň abadançylygynyň, onuň halkara giňişlikdäki ornunyň
pugtalandyrylmagynyň bähbidine alnyp barylýan döwlet syýasatynyň
watandaşlarymyz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň beýany bolandygy nygtalýar.