Şu gün
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda
alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli
meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň gulluk,
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän
harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň
barşy barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň goranmak
ukybyny döwrüň talabyna görä has-da berkitmek maksady bilen, Ýaragly
Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministrine raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan
boşatmak boýunça işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Baş prokuror
B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda
milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, prokuratura
edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler, işgärleriň
hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagy
hemişe üns merkezinde saklamagyň, kanunlaryň ýerine ýetirilişine, raýatlaryň
hukuklarynyň üpjün edilişine prokuror gözegçiligini netijeli alyp barmagyň
möhümdigini belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Içeri işler ministri
M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren
işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýangyn
howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag
hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmegiň, kanun
bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, ýol
hereketiniň kadalarynyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine
berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de ministre birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň
başlygy B.Hojamgulyýew 2026-njy ýylyň üç aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümi
tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň
talaplaryna laýyklykda guramak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak,
raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda kazyýet edaralary tarapyndan alnyp
barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegi hemişe
üns merkezinde saklamak, kazylaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak
babatda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli howpsuzlyk
ministri D.Meredow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işler,
ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň milli
howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmek babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet
gullugynyň başlygy I.Ilamanow Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly
goraglylygyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal
beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk
serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de onuň goraglylygyny pugtalandyrmak,
serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan
işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Adalat ministri
M.Taganow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan
ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri hem-de ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli hukuk ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda
kämilleşdirmek, hukuk kömegini bermek we kanunçylygy düşündirmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmek babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Döwlet gümrük
gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň
netijeleri, şol sanda gullugyň düzümlerine işiň döwrebap usullaryny, täze
tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gümrük amallarynyň halkara kadalara hem-de milli
kanunçylyga laýyklykda ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli
dowam etdirmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk
edýän düzüminiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine
ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda migrasiýa işini
kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de migrasiýa kanunçylygynyň berjaý
edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby
doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň
howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň
goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň
durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.