milli goshun logo
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat
17.05.2024 177 Habarlar

Şu gün ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahaty öz işine başlady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahatyň geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Bu maslahat medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berer» diýip belleýşi ýaly, bu forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda medeni ulgamda geçirilýän taryhy wakalaryň birine öwrüldi.

Türkmen halkymyzyň akyldar şahyrynyň hormatyna bagyşlanan bu halkara forumyň çäklerinde ýurdumyza gelen myhmanlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşarlar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň baý taryhyny hem-de medeni mirasyny, täze eýýamda gazanan ajaýyp üstünliklerini synlamak üçin, paýtagtymyz Aşgabada, Arkadag şäherimize hem-de medeni-taryhy ýerlere aýlanarlar.

Medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etjek bu halkara maslahatyň Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik şahyrymyzyň heýkeliniň açylyş dabarasy bilen utgaşykly gelmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr.