milli goshun logo
Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy
Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy
17.05.2024 1300 Habarlar

Şu gün – 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa türkmenistanlylar, daşary ýurtly myhmanlar, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Türkmen akyldarynyň ajaýyp heýkeliniň açylyş dabarasyna bagyşlanan edebi-çeper kompozisiýalar, teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu taryhy wakanyň baýramçylyk şowhunyny artdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň nusgawy türkmen şahyrynyň ýadygärlige gül desselerini goýmagy bolsa Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa dana şahyryň dost-doganlyk, agzybirlik baradaky arzuwlarynyň mukaddes türkmen topragynda hasyl bolandygyny alamatlandyrýar» diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň sütünleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň töwereginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilipdir. Munuň özi türkmen halkymyzyň medeni diplomatiýasynyň barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Çünki Magtymguly Pyragy bu günki gün umumadamzat şahyry hökmünde ykrar edildi. Akyldaryň şygyrlary Ýer ýüzüniň halklaryny dost-doganlyga, agzybirlige, ynanyşmaga we parahatçylyga çagyrýar.