milli goshun logo
«Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
«Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
21.05.2024 208 Habarlar

Düýn – 20-nji maýda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň – beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alyndy. Çykyşlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigi bellenildi.

Şeýlelikde, «Magtymguly» atly kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi. Onuň bezeginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndan suratlar ulanyldy.