milli goshun logo
«Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
«Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
31.05.2024 315 Habarlar

Şu gün – 31-nji maýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, serkerdeler, çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplar hem-de ýaş watançylar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden merdana Watan goragçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň belent şahsyýetiniň barha belende göterilýändigini, onuň watançylyga, dost-doganlyga, parahatçylyga çagyrýan şygyrlarynyň halkymyza ýol-ýörelge bolýandygyny nygtadylar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysy türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilip, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndaky suratlar bilen bezelipdir. Kitaba akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, nesil terbiýesi,  watançylyk ýaly pelsepewi garaýyşlaryny beýan edýän çeper şygyrlary girizilipdir.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen «Magtymguly» atly kitap ata Watana bolan mukaddes söýgiňi kemala getirmekde merdana Watan goragçylary, şeýle hem külli türkmen halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr.