milli goshun logo
Maglumat tehnologiýalar merkezi dörediler
Maglumat tehnologiýalar merkezi dörediler
28.11.2019 1519 Habarlar

27-nji noýabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer B.Öwezow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek, elektron hyzmatlarynyň sanawyny artdyrmak, Interneti ösdürmek üçin Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň binýadynda Maglumat tehnologiýalar merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu merkeziň guramaçylyk-usulyýet işini ýola goýmak maksady bilen, pudagara toparyny döretmek teklip edilýär.

Milli Liderimiz sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi milli we halkara ölçeglere, häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelýän ýokary hilli hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidir diýip, wise-premýere IT-meýdançalary döretmek baradaky meseleleri gutarnykly seljermegi tabşyrdy.