milli goshun logo
Lebap welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
Lebap welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
09.11.2019 1147 Habarlar

8-nji noýabrda Amyderýa jülgesiniň pagtaçylary döwlete pagta satmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar taýýarlaýyş nokatlaryna ýokary hilli «ak altynyň» 300 müň tonna golaýyny tabşyrdylar, munuň özi 120 müň gektar meýdana ekilen gowaçanyň ýokary hasyl berendigini alamatlandyrýar.

Darganata, Saýat we Halaç etraplarynyň oba zähmetkeşleri welaýatda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Kabul ediş nokatlaryna 57 müň tonnadan gowrak pagta tabşyran Çärjew etrabynyň, 55 müň tonna pagta tabşyran Halaç etrabynyň hem-de 50 müň tonna golaý «ak altyn» tabşyran Saýat etrabynyň ekerançylary bu üstünlige uly goşant goşdular.

Bu etraplar Amyderýa jülgesiniň iri pagtaçylyk sebitleridir. Pagta ýygym möwsümine gatnaşyjylaryň ählisiniň zähmeti ýokary derejede guramaklary ýetişdirilen hasyly gysga möhletlerde ýygnap almaga mümkinçilik berdi.

Pagtaçy kärendeçileriň aglabasy her gektar ýerden 45 — 50 we ondan hem köp sentner «ak altyn» alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny 1,5 — 2 esse artyk ýerine ýetirdiler. Sebitiň öňdebaryjy daýhan birleşikleri şu ýylky möwsümi döwlet tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirmek bilen jemledi.