milli goshun logo
Lebap welaýatynyň merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy
Lebap welaýatynyň merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy
29.06.2019 696 Habarlar

28-nji iýunda Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň çalt depginler bilen ösýän ýaşaýyş jaý gaznasynyň üsti täze desga bilen ýetirildi. Lebap welaýatynyň merkeziniň üçünji ýaşaýyş toplumynda ýene-de bir 24 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Täze jaýa göçüp baranlara açarlary gowşurmak baýramçylyk ýagdaýynda geçirildi. Bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.

Täze binanyň giň 3 we 4 otagly öýlerinde ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredildi. Onuň aşhanasy döwrebap enjamlaşdyryldy. Öýleriň timarlaýyş işlerinde we binanyň öň tarapynyň bezeginde döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Täze desgany Türkmenabadyň demirbeton gurnamalar zawodynyň gurluşykçylary bina etdiler.