milli goshun logo
Küştdepdi tansy — Hindistanda geçirilen halkara tans festiwalynda
Küştdepdi tansy — Hindistanda geçirilen halkara tans festiwalynda
12.03.2019 1143 Habarlar

Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde 7 — 10-njy mart aralygynda Aziýa — Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) II Halkara tans festiwaly geçirildi. Onda Türkmenistanyň kenarýaka sebitinden «Dehistan» meşhur folklore-etnografiýa topary üstünlikli çykyş etdi.

Watandaşlarymyz küştdepdi halk tansy, onuň ruhlandyryjy äheňi hem-de halk äheňleri bilen sazlaşýan adatdan daşary çeýe hereketleri bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazandylar. Aýdym aýtmagyň milli ýörelgeleriniň hem-de küştdepdi tansynyň, onuň gadymy çeşmeleriniň gaýtalanmajak täsinligi netijesinde bu tans 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilipdi.