milli goshun logo
Kümüşi altyna öwrülip biler
Kümüşi altyna öwrülip biler
25.01.2019 1487 Sport

2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda çykyş eden dört sany taýlandly türgeniň doping ulananlygy ýüze çykaryldy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasy habar berýär.

Türgenleriň dördüsi hem halkara ýaryşlarda ençeme medal gazanyp, özlerini subut etdiren türgenlerdir. Olaryň ikisi, ýagny Sukanýa Srisurat we Tunýa Sukçaroýen 55 we 45 kilogram agramda paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynyň çempiony boldular. Şeýle hem Sopita Tanasan 49 kilogramda dördünji, Çitçanak Pulsabsakul 87 kilogramda altynjy orny eýeläpdi.

Bellenilişi ýaly geçen ýyl Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda zenanlar arasynda 45 kilogram agramda Tunýa Sukçaroýen altyn medalyň, ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa bolsa umumylykda kümüş medalynyň eýesi bolupdy. Häzirki ýagdaýda hemme zat öňki-öňküliginde galýar. Eger-de taýlandly türgeniň medaly yzyna alnan ýagdaýynda, altyn medal ildeşimiz Ýulduza gowşurylar. Şonluk bilen hem, Ýulduz Jumabaýewa dünýäniň çempiony bolar.

«Milli goşun».