milli goshun logo
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet sapary
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet sapary
10.06.2024 168 Habarlar

10-11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar. Bu sapar Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet saparydyr.

Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň döwlet saparyny mähirli mübärekleýär. Şunda türkmen tarapy bu saparyň iki ýurduň, şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berjekdigine çuňňur ynam bildirýär.