16-njy aprelda Koreýa
Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi.
17-nji aprelde Aşgabatda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti
Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler geçiriler. Onuň dowamynda döwletara
gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Aziýa — Ýuwaş
umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Onda
ählumumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly
mümkinçilikler bar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orny eýeleýän
Koreýa Respublikasy Türkmenistany özüniň wajyp we ygtybarly hyzmatdaşy
hasaplaýar.
***
16-njy aprelda
«Oguzkent» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Koreýa Respublikasynyň
Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet saparyna gabatlanyp, iki ýurduň
hökümet agzalarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk
geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de soňky ýyllarda
iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklardaky hyzmatdaşlygynyň
okgunly ösüşiniň derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu
gezekki ýokary derejede geçiriljek gepleşikler giň ugurlar boýunça döwletara
gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.
Ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň özenini düzdi. Şeýle hem taraplar ägirt uly mümkinçilikleri bolan işewür gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek boýunça birnäçe anyk ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Şonda ylmy-tehniki we tehnologiýa babatda tejribe alşylmagyna hem aýratyn üns berildi.