9-nji aprelda Mejlisde Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly
teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen döredilen
iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň
raýatlaryndan, syýasy partiýalardan, edara-kärhanalaryň toparlaryndan, şeýle
hem jemgyýetçilik guramalaryndan we ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowşan
tekliplere seljerme berildi. Şunda Esasy Kanunyň kämilleşdirilmegi babatda
halkara hukugyň kadalaryna we daşary ýurtlaryň oňyn tejribesine aýratyn üns
berildi.
Bu ýere ýygnananlar iş toparynyň işiniň, şol sanda wagyz-düşündiriş işleriniň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly anyk wezipeleri
kesgitlediler.