milli goshun logo
Kitap – bilimleriň gözbaşy, akyl-paýhasyň özeni
Kitap – bilimleriň gözbaşy, akyl-paýhasyň özeni
07.11.2019 1150 Habarlar

5 – 6-njy noýabr aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda «Kitap ─ hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty geçirildi. Her ýyl dowam edip gelýän bu sergi-ýarmarka dünýäniň ençeme ýurtlaryndan iri neşirýat öýleriniň we çaphanalarynyň, çaphana enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň wekilleriniň ýygnanan merkezine öwrülip öz ähmiýetini görkezdi. 

Bu sergi-ýarmarka Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň tejribeli mugallymlary we zehinli talyplary hem gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebimiziň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň Grafika kafedrasynyň mugallymy Rahman Rahmanow kitap bezeg işleri, Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymlary Gülara Babaýewa we Aýjemal Çaryýewa keramika,  zergärçilik işlerini öz şägirtleri bilen çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýerine ýetirip görkezdiler.

Şeýle hem sergi-ýarmarkanyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Binagärlik we taslama kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Geldimyrat Orazgeldiýew gurulmagy meýilleşdirilýän Akylly şäherde ýerleşjek binanyň taslamasyny kompýuterde 3Ds max programmada ýerine ýetirip görkezdi. Ýokary okuw mekdebimiziň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Kerim Daňatarow wakuum planşetiň ýüzünde ýörite galam bilen Zbrush programmasynda türkmen alabaý itiniň şekilini çekip, 3D printerde çapa taýýarlady hem-de Sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary Hanmyrat Mämmedow we Maksat Çerkezow döredijilik sergilerine bagyşlanan kitaplary Adobe InDesign programmada işläp görkezdiler.

Sergi-ýarmarka belli türkmen grafika suratkeşleri Döwletgeldi Akyýew we Alymjan Işangulyýew hem grafika eserleri bilen gatnaşdylar. Bu suratkeşler Türkmenistanda çapdan çykan kitaplaryň grafika bezeg işlerini ýerine ýetirmekde öz goşantlaryny goşýarlar. Kitaby bezemekde grafiki suratkeşlere jogapkärli wezipe düşýär.

Halkara kitap sergi-ýarmarkada bu ýokary okuw mekdebimiziň pawilýonynda goýlan kitaplaryň arasynda «Gujurly ýaşlar» atly sergi katalogy köpleriň ünsüni özüne çekdi. Şeýle hem çeperçilik akademiýanyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň zehinli talyplarynyň dürli şahsy we toparlaýyn döredijilik sergilerine bagyşlanan, türkmen şekillendiriş sungatynda görnükli orun tutan suratkeşleriň döredijiligini açyp görkezýän albomlary we kitapçalary görkezildi.

Ýazgül BEGINÝAZOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.