milli goshun logo
Х Halkara gaz kongresine taýýarlyk işleri alnyp barylýar
Х Halkara gaz kongresine taýýarlyk işleri alnyp barylýar
11.05.2019 405 Habarlar

10-njy maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow şu ýylyň 21 — 22-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Х Halkara gaz kongresini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Forumyň gün tertibine dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ösüş ugurlary, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýeti, tebigy gazyň eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek, gazhimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek üçin ýurdumyzda döredilen şertler, şeýle hem maýa goýum işjeňligi ýaly möhüm meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berler.