milli goshun logo
Keseliň öňüni alyş sanjymlary — ilat arasynda epidemiologik abadançylygy üpjün etmegiň esasy
Keseliň öňüni alyş sanjymlary — ilat arasynda epidemiologik abadançylygy üpjün etmegiň esasy
17.10.2019 1697 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamy jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygy diýip yglan etmek hem-de ilatyň saglygyny goramak meselelerine uly üns bermek bilen, ýurdumyzyň tutuş saglygy goraýyş ulgamy üçin «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygary öňe sürdi.

Saglygy goraýyş babatda ileri tutulýan maksatlara ýetmek üçin esas goýujy strategiýalaryň biri bolan immuno öňüni alyş işlerini geçirmek maksady bilen, ýurdumyz diňe Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan güwänamalaşdyrylan waksinalary satyn alýar.

Sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. 2019-njy ýyldan başlap ilat arasynda geçirilýän keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ozalky tertibine ýene-de üç sany keseliň: pnewmokokka, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar goşuldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu sanjymlaryň düzümine jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, polimiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine garşy sanjymlar girýär.

Häzirki döwürde birnäçe ýokanç kesellere bir wagtyň özünde garşy durmaga immuniteti üpjün edip bilýän waksinalar ileri tutulýar. Şeýle waksinalar adamy agyr görnüşli ýokanç keseller bilen syrkawlamakdan goramaga mümkinçilik berýär.

Keselleriň garşysyna sanjym işleri ýurdumyzda keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde, abadançylygy üpjün etmekde ygtybarly serişde bolup durýar. Türkmenistanda çagalara we uly adamlara öňüni alyş sanjymlary yzygiderli geçirmegiň ýokary derejesi (95 — 99 göterim) üpjün edilýär. Immuno öňüni alyş işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň hem-de olara ilatymyzyň işjeň gatnaşmagy netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemegiň pes derejesine ýetildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä halkymyzyň saglygyny goramakda möhüm ornuň degişlidigini belleýär. Milli Liderimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi guruldy we üstünlikli hereket edýär. Ol döwrebap, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen edara bolup, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän uly göwrümli ýöriteleşdirilen merkezi sanjym we immunobiologik serişdeler saklanylýan ammary öz içine alýar.

Şeýlelikde, bu ammarda gyzgynlyk derejeleriniň saklanylyşy gije-gündizleýin tertipde kompýuter programmasy esasynda gözegçilikde saklanylýar. Munuň özi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «sowuklyk zynjyryny» berjaý etmek boýunça talaplarynyň ýerine ýetirilýändigini aňladýar. Ammarda waksinalaryň, şprisleriň, iňňeleriň, howpsuzlyk gutularynyň, termokonteýnerleriň talabalaýyk saklanylmagy üçin ähli şertler döredilendir.

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölümine Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýerlerde alnyp barylýan immunologiýa işleriniň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlar elektron görnüşinde gelip gowuşýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde waksinalaryň saklanylmagyna jogapkär hem-de immuno öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi bilen gönüden-göni bagly bolan hünärmenler yzygiderli taýýarlyk okuwlaryny geçýärler. Bu ulgamda peýda bolan täze lukmançylyk we ylmy maglumatlar bilen üsti ýetirilýän okuw gollanmalary yzygiderli täzelenip durulýar.

Ýokary derejedäki immuno goraglylyk saglygyň kepili hem-de adam bedeniniň islendik kesele garşy durmagynyň esasy şerti we görkezijisidir. Sowuk günleriň gelmegi bilen bedeniň immuno ulgamyny düzüminde B witaminler toplumyna we C witamine baý bolan önümler bilen goldamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek gerek. Elleriňi ýygy-ýygydan ýuwmak, otaglary günüň dowamynda üç-dört gezek ýelejiretmek, otaglarda çygly arassalaýyş işlerini geçirmek zerurdyr.

Bu ýönekeý, emma netijeli usullar wirusly keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň ähtimallygyny peseldýär. Häzirki wagtda dümewe garşy öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi ýiti respirator ýokançlaryndan goranmak üçin örän netijeli usul diýlip hasaplanylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli saglyk öýlerinde töwekgelçilige sezewar bolýan adamlaryň belli bir toparlarynyň arasynda sanjym işleri işjeň geçirilýär. Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde isleg bildirýän raýatlaryň ählisine möwsüm bilen baglanyşykly dümewiň garşysyna ýokary hilli waksinalar bilen sanjym geçirilýär.

Mundan başga-da, bu ýerde gepatitiň, sary ysytma keseliniň dürli görnüşlerine we meningokok ýokanjyna garşy sanjymlar hem geçirilýär.

(Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-98-46, 36-90-67, 36-91-40, 36-91-38).

Unutmaň! Keseliň öňüni alyş sanjymlaryny almak bilen, siz diňe bir ýokanç keselleriň däl, eýsem, şol keselleriň netijesinde ýüze çykýan agyr gaýra üzülmeleriň hem öňüni alyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi.