milli goshun logo
Kerki şäherinde howa menzili gurlar
Kerki şäherinde howa menzili gurlar
23.02.2019 3760 Habarlar

22-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew «Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menzilini gurmak hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Kerki şäherinde howa menzilini gurmak barada halkara bäsleşigiň yglan edilendigi bellenildi. Şonuň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Gündogdy» hususy kärhanasy ýeňiji boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň we «Gündogdy» hususy kärhanasynyň arasynda degişli gurluşyk işlerini geçirmek boýunça şertnamanyň baglaşylandygy barada habar berildi. Mundan başga-da, wise-premýer howa menzilini döwrebap enjamlaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Fransiýanyň dünýäde belli «Thales» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatlaryň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini, täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda «Thales» fransuz kompaniýasy bilen tejribe we peýdaly täzeçil işläp taýýarlamalary alyşmagyň zerurdygyny belledi. Bu kompaniýa ýokary tehnologiýaly elektron ulgamlaryny, şol sanda awiasiýa tehnikasy we raýat awiasiýasy üçin ulgamlary işläp taýýarlamakda hem-de öndürmekde ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de Kerki şäherinde howa menziliniň gurulmagynyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltjekdigini hem-de howa ýollary arkaly ýük daşalmagynyň we ýolagçy gatnadylmagynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny üpjün etjekdigini belledi we bu desgany gurmagyň hili we möhletleri babatda anyk tabşyryklary berdi.