milli goshun logo
Kazyýet ulgamy umumy ykrar edilen halkara ülňüleriň kadalaryna laýyk getirilýär
26.01.2019 731 Habarlar

Düýn geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de kazyýet ulgamyny umumy ykrar edilen halkara ülňüleriň kadalaryna laýyk getirmek, edaranyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin talabalaýyk şertleri döretmek boýunça 2018-nji ýylda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň kazylarynyň 1-nji maslahatynyň jemleri barada habar berildi, maslahatda bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň wajypdygyna ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde halk köpçüliginiň arasynda, kärhanalarda, guramalarda, edaralarda, okuw mekdeplerinde hem-de harby bölümlerde, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hukuk medeniýetiniň we aň-düşünjeliligiň ýokarlandyrylmagynyň wajypdygy, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler baradaky wagyz-nesihat çärelerini alyp barmagy tabşyrdy.

Kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryny has ýokarlandyrmak we iş tejribelerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan okuw sapaklaryny geçirmek işlerini yzygiderli dowam etdirmek hem-de şu günüň talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalaryň üsti bilen köpçülikleýin okuw sapaklaryny geçirmekligi ýola goýmak şu ýylyň ilkinji nobatdaky wezipeleridigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.