milli goshun logo
Kazanda Türkmenistanyň Baş konsullygy açylar
Kazanda Türkmenistanyň Baş konsullygy açylar
07.12.2019 1337 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak işi dünýäde diplomatik taýdan gatnaşmagy giňeltmek, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerini üpjün etmek, türkmen raýatlarynyň kanuny hukuklaryny goramaly bolan ilçihanalarymyzyň hem-de konsullyklarymyzyň sanyny artdyrmak bilen alnyp barylýar.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda (Kazan şäheri) Baş konsullygyny açmak hakyndaky» karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrligine ýakyn wagtda Baş konsuly wezipä bellemek üçin teklip bermegi hem-de halkara kadalaryna laýyklykda bu edarany açmagyň we onuň işini guramagyň ähli meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.