milli goshun logo
Kazan dikuçar zawodynyň öndürýän lukmançylyk dikuçarlary satyn alynar
Kazan dikuçar zawodynyň öndürýän lukmançylyk dikuçarlary satyn alynar
17.08.2019 541 Habarlar

16-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň hem-de onuň çäklerinde guralan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça senagat-kommunikasiýa toplumy tarapyndan amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Degişli düzümler daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň barşynda ulag, senagat-kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muňa aýratyn üns berýär. Şu ugurda ikitaraplaýyn resminamalaryň 17-sine gol çekildi.

Kazan dikuçar zawodynyň öndürýän lukmançylyk dikuçarlaryny satyn almak barada degişli ylalaşyk gazanyldy.