milli goshun logo
Kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça dünýä tejribesi öwrenilýär
Kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça dünýä tejribesi öwrenilýär
02.11.2019 352 Habarlar

1-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlary babatda kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň parlamentiniň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iş toparlarynda kanunçylyk resminamalarynyň birnäçesiniň taýýarlanylmagy dowam edýär.

Milli parlamentiň wekiliýetiniň 27-31-nji oktýabrda Koreýa Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda dostlukly ýurduň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi.

Türkmen parlamentarileri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn tejribäni öwrenmek babatda tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin Seul döwlet uniwersitetiniň işi bilen tanyşdylar. Ýokary okuw mekdebinde bolan duşuşygyň dowamynda ylym-bilim ulgamynda, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge bolan taýýarlyk bellenildi.

Mejlise türkmen parlament wekiliýetiniň noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Baku şäherine iş saparyny guramak hakynda azerbaýjan tarapynyň teklibiniň gelip gowşandygy barada habar berildi.

Saparyň çäklerinde kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe çäreler we duşuşyklar meýilleşdirildi. Şol sanda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy bilen duşuşmak, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky «ASAN» hyzmat durmuş innowasiýalary we raýatlara hyzmat etmek boýunça döwlet agentliginiň işi bilen tanyşmak we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Munuň özi häzirki döwürde netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.