milli goshun logo
Kämillik ýa-da heýkele höwrügen ykbal hakda söz
Kämillik ýa-da heýkele höwrügen ykbal hakda söz
15.02.2019 3319 Habarlar

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň 27-nji ýanwary güni agşamaralar, sagadyň dili sekiziň golaýlap gelýänligini habar berýän wagtlary elime jaň geldi.

            Alo-o...

            Salam, Aşyrmät özüňmi?

            Hawa, Saragt aga, özüňize salawmaleýkim.

            Waleýkimessalam.

            Bir zat aýdaýjakdym.

            Bilýän öýdýän.

            Onda aýtmaýynammy?!

            Aýdaýsam diýip jaň edeniňe görä, aýdaýsana, halypa.

            Aýyň otuzyna sergim açylýar.

Şol habaryň yzyna düşüp, 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Çepeçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezine, kärdeşimiz, «Milli goşun» žurnalynyň işgäri, akwarelçi suratkeş we suratçy Parahat Atalykow bilen halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewiň sergisiniň açylyş dabarasyndanam bir sagat töweregi ir bardyk. Saragt agany gutladyk. Parahat: «Heniz adamlar üýşmänkä, suratlaryny bir düşüreýin» diýip iki gatly sergi merkezine siňip gitdi.

Sergä-de aýlandyk. Gadym ertekileň gahrymanlary ýaly, size sowgadam alyp gaýtdyk, halka hödürlejek sowgatlarymyza alabaýam azar bermedi. Şeýdip bize heýkelleriň dünýäsine täzeden syýahat etmek mümkinçiligi döredi. Täzeden diýmegimiň öz sebäbi bar. Saragt Babaýewiň ussahanasyna käwagt-käwagt barybermäm bar. Barybermämiň esasy sebäpleriniň biri ylhamlanmak. Döredijilik adamlarynda şeýle bir ahwal bolýar. Şonda ol öz ylham gorunyň üstüni doldurmalydygyny duýýar. Ýöne nädip, nireden?! Bu gysgadan gelen düýpli sowalyň jogaby köpdürli. Şonuň üçinem men halypa heýkeltaraşyň uzak ýyllaryň dowamynda yzygider çekilen irginsiz zähmetiň miweleriniň ençemesi bilenem tanyş.

Bagtyýarlyk döwri kämillikleriň döwri. Döretmegiň, ösmegiň, kämilleşmegiň döwri. Hormatly Prezidentimiziň şu ýyly «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmagynyň özeninde hem kämilliklere bolan uly badalga bar. Gürrüň hakykatdan hem goşa kämillik dogrusynda. Olaryň biri kämil sungatdyr. Beýlekisi, şol sungaty dörediji kämil zehindir. Eýýäm söhbetdeşligiň bezeg işlerindäki şekilleri synlamaga ýetişen okyjy onuň Saragt Babaýew dogrusyndadygyny hiç kimden soraman biler. Çünki ol köpleriň tanaýan kämil heýkeltaraşy. Ýaňy-ýakynda döredijilik sergisi açylan halypa heýkeltaraş baradaky makalalardyr söhbetdeşlikleriň hersiniň öz dünýäsi bar. Döredijilik sergisinde adamlaryň köplügi hem bu iki kämilligiň muşdaklarynyň subutnamasydy. Serginiň açylyş pursady golaýlaýardy. Her kim Saragt Babaýew bilen sataşjak, salamlaşjak, gutlajak. Maňa serginiň açylyş dabarasy başlanýança köpçüligiň içinde öz-özüm bilen ikiçäk galmaga mümkinçilik döredi. Ýatlamalar meni uzak bolmadyk geçmişe sary alyp gitdi.

... Magtymguly şahyryň şygyrlary türkmeniň ruhy dünýäsiniň şöhlelenmesidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň mertebesi dünýä doldy. Paýhasdan ýugrumy ýetik goşgulary dünýäniň 30-dan gowrak diline terjime edildi. Şahyryň hormatyna onuň dogduk obasynda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy bolmalydy. 

ÇAKYLYK

Adamyň töwereginde bolup geçýän hadysalaryň, wakalaryň hemmesi, göräýmäge, adaty. Emma hemmesiniň kabul edilişi birmeňzeş däl. Bu çakylyk hem göräýmäge juda adaty wakalaryň birinde «Adalat» gazetiniň nobatdaky sanynyň çapa taýýarlyk pursatlary tamamlanyberen wagtynda, maňa ertir irden Magtymguly Pyragy muzeýiniň açylyşyna gatnaşmaga gitmek üçin Medeniýet ministrligine barmalydygymy habar berdiler. Şeýle habary eşiden her adamyň begenjekdigi öz-özünden düşnükli. Emma meniň üçin bu habar has-da buýsançly bolupdy. Onuňam özboluşly sebäbi bardy. Döredijilik dünýäsine baglanan ykbalymda Magtymgulynyň mertebesine bolan hormatyň netijesinde maşgalamyza şatlyk getiren 4 gyzdan soň 2007-nji ýylda ýüzüm düşen birinji ogul perzendimiň ady Magtymguly bolupdy. 2015-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Magtymguly Pyragynyň dogduk obasynda geçiriljek toý dabaralaryna meni irden oglum, Aşgabat şäheriniň 75-nji orta mekdebiniň şol wagtda üçünji synp (häzir ol altynjy synp) okuwçysy Magtymguly ýola saldy. «Myhman bolanlara gujagyny geren daglaryň» sebitinden gaýdyp gelenimde-de, Magtymguly garşy aldy. Onsoň bu dabaralaryň kalbyma näderejede buýsanç bolup dolandygyny çaklamagy okyjylaryň özlerine goýaýyn.

HEÝKELE ÖWRÜLEN HORMATLYLARYŇ HUZURYNDA

Ynsan ömri wagt diýlen düşünje bilen aýrylmaz bagly. Wagt ölçegleri adyl. Onuň öz ýoly bar. Adam öz tebigatyna mahsus bolan paýhas başarnygynyň netijesinde wagt bilen gatnaşygynyň käbir taraplaryny açmagy başardy. Käbir taraplary bolsa adamzat nesliniň tagallasy bilen indi açylmaly. Wagt pelsepesi ynsan üçin ýaşaýyş pelsepesidir.

      Ynha, ykbal bu gün maňa türkmeniň şahyr ogly Magtymguly Pyragynyň dogduk diýarynda onuň hormatyna bina edilen — ýazzy maňlaýynda «Magtymguly Pyragy muzeýi» diýlip altyn harplar bilen ýazylan binanyň we onuň ruhy mejlisinde jemlenen, şahyryň hut öz kemala getiren edebiýat mekdebiniň sapagyny özleşdiren, öz ýoluny dowam etdiren şägirtleriniň — nusgawy edebiýatyň wekilleriniň özüne seredip duran heýkelleriniň öňünde ylhamlanmagyň gaýybana sapagyny berýän perişdesypat heýkeli oturdylan binanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak bagtynyň buýsanjyny peşgeş berdi. Müň şükür. Dünýäde sözüň güýji hakynda oňa göz ýetiren söz ussatlarynyň aýdanlaryny kellämde jemlejek bolýaryn. Emma ol başartjakmy näme?! Ol ussatlar dünýäniň dürli künjeginde bolupdyr. Olar bar, olar bolar. Emma hut şu pille meniň hakydamda Magtymguly şahyryň «Her mejlisde, söhbetde şat eýläň biz garyby, eý, ýaranlar, ýat ediň haýr-u dogada bizni» diýen setirleri bilen Gurbannazar Ezizowyň «Meň bahamy kesgitlejek zaman bar» diýen setirleri düşýär. Neneň ýadyňa düşmesin. Tutuş bir halkyň kalbyny, ruhy dünýäsini şygra siňdirmegi başaran hem bolsa: «Derdim köpdir diýarymdan, döwrümden, haýyr kaýsy, yhsan kaýsy, bilinmez», «Hor galmasyn puştdan-puştum, Berkarar döwlet islärin» diýen şahyryň dogduk diýarynda meşhur şygyrlarynda nygtaýşy ýaly, «Bir supranyň başynda jem bolduk».

Ol ajaýyp künjekde taryhy açyşlary, hormatyny siňdiren heýkellerini oturtmagyň jogapkärçiligi bilen baran halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew birnäçe gün bäri işleýän eken. Şeýdip, göwni açyk, ýüzi açyk  elem açyk halypa heýkeltaraşyň taýýarlap goýan suprasynyň daşyna jemlenen galamdaşlar bilen, ykbaldaşlar bilen, gyzyldan gymmatly paýhaslary dünýä derejesinde gaty ýokary baha berilýän pähimdar hakynda gürrüň edildi. Ol saçagyň başyndaky halypalardan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym-kätibi Täçmämmet Jürdekow sözüni şeýle başlady: «Ynha, pähim paýhasly şygyrlary bilen tutuş halky bir toprakdan pytratman saklamagy başaran Magtymguly Pyragy bu gün ýene bizi bir supranyň başyna jemledi». «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Orazguly Annaýewdir bölüm müdiri Döwletgeldi Annamyradowyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Orazdurdy Atahanowyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygy Akmyrat Rejebowyň sözleri türkmen ruhuny äleme şygyr dilinde ýaýmagyň nusgawy ussadynyň şanyna we onuň mertebesini dünýäniň dürli künjeginde dabaralandyran, 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan eden, milli Liderimiziň hormaty hakynda boldy. Türkmen halkynyň nusgawy söz ussadynyň bu bagtyýarlyk eýýamyndaky şägirtleriniň öz halypalary hakyndaky biri-biriniňkiden çeper, çuňňur mazmunly söhbedini dünýäsi bilen diňläp oturan çal saçly agajetli heýkeltaraşy gürrüňe goşulmaga çagyrdyk. Onuň sözi sadadan gelen gysga boldy: «Men siziň ýaly wasp etmegi başararyn öýdemok. Ýöne Magtymguly halypa hakynda siziň aýdanlaryňyzy menem öz başarşymça, öz hünärim arkaly dabaralandyrmaga çalyşýaryn. Şahyryň waspy meniň heýkellerimdedir». Bu ýürek sözüdi.

Çünki Magtymguly halypanyň heýkellerini diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem daşary ýurtlarda hem (Russiýa Federasiýasynyň Stawropol şäherinde we Astrahan oblastynda hem-de Türkiýäniň paýtagtyndaky «Türkmenistan» seýilgähinde) oturtmak wezipesi ynanylan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Saragt Babaýewiň heýkele öwren hormatynyň derejesini islän wagtyň baryp synlabermeli.

RUHY MERKEZIŇ TÄSIRI

Türkmen halkynyň erkinlige bolan islegi düýp pederi Oguz hanyň döwründe-de, Gorkut atanyň waspyny eýlän zamanasy – Hanlar hany Baýyndyr hanyň döwründe-de, çardagly Çandybili bilen äleme meşhur bolan Görogly begiň döwründe-de dabaralanýardy. Emma halky dolandyrmagyň, oturymly ýerleri goramagyň edara edilen döwletiniň ýok döwründe türkmen öz bitewüligini Magtymguly ýaly hakdan içen ajaýyp şahyryň şygyrlarynyň, Şükür ýaly ajaýyp sazandalaryň mukamlarynyň süňňüne eýlenen paýhaslaryny ýörelge edinmek bilen öz bitewüligini elden bermedi diýip arkaýyn aýdyp bileris.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna salgylanan islendik adam ondan türkmeniň baý ruhy dünýäsine mahsus bolan ýörelgeleri tapyp bilipdir. Goý, ol salgylanýan adam mertlik bilen namartlygyň aratapawudyny gözleýän bolsun, goý, ol durmuşyň iň zerur hem-de ýönekeý meselesi bolan är-aýal gatnaşyklaryna ýa-da aýdaly dostluk, agzybirlik, wepalylyk, biwepalylyk, myhmansöýerlik, baýlyk-garyplyk, sahylyk-gysgançlyk, ylymlylyk-nadanlyk, aý, garaz, sanasaň sogaby bar meseleleriň islendigini agtarýan bolaýsyn, hökman öz pikirine delil we tutaryk tapyp biler. Diýmek, Magtymguly döwrüniň ýörelge mekdebini şygyr dilinde beýan etmegi başaran türkmen akyldary. Milli ýörelgeleri şygyr dilinde ýaňlandyran hukukçy akyldary. Bu günki gün halkymyzy Magtymgulynyň «Berkarar döwlet islärin» diýen zamanasynyň – Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň eýesi eden Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjegi il-ýurt bähbitli binalaryň gurluşyk meýdanyna öwrüldi.

2015-nji ýylyň maýynda gol çeken muzeý toplumyny döretmek hakynda Kararyna laýyklykda gurlan muzeýiň töweregine magtymguly Pyragynyň hem-de onuň nusgawy şygryýetini dowam etdiriji, döredijilik mekdebini özleşdiriji şahyrlaryň heýkelleri aýratyn görk hem möhüm ähmiýet berýärdi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly: «Goý, bu muzeý hem-de medeni ýadygärlikler toplumy halkymyz üçin türkmeniň baý medeni mirasyny, beýik Magtymguly Pyragynyň gaýtalanmajak şygyrlaryny wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli ruhy kämilligiň nusgasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boljak ruhy merkeze öwrülsin».

Hakykatdan hem, üns berseň bu hut şeýle. Muzeýiň binasynyň öňündäki heýkeller özboluşly şahyrana yzygiderlilikde ýerleşdirilipdir. Magtymgulynyň heýkeli onuň şahyrana mekdebini dowam eden şahyrlaryň — Magrupynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň,galamdaş we ylhamdaş dostlar Zelili bilen Seýdiniň heýkeliniň özboluşly ruhy merkezi bolup durýar. Uzaklardan synlasaň: «Adamzat ýagşydyr gulman periden» diýen setirleri miras galdyran Magtymgulynyň Hak Hudaýa perişdelerden hem ýakyn saýylýan adamyň göwün guşuny ganatlandyrýan ylham heserini duýmazlyk mümkin hem däl. Golaýa gelseň welin, gursagynda tutuş milletiň aladasyny göterýän pähimdaryň gözlerindäki paýhas asuda Hazaryň gözýetimi ýaly giden bir umman. Onuň gözýetiminiň sag we çep tarapyny şägirtleriniň heýkelleri gurşap dur. Olar hakyndaky hyýallaryňy ylham mümkinçiligiňe görä näçe giňeltseň giňeldibermeli.

GARAŞYLÝAN PURSAT

      Garaşylýan ähmiýetli işleriň ýa wakalaryň ilkinji sekuntlarynda aýdylmaga endik edinilen jümle bilen beýan etsek: «Garaşylýan pursat gelip ýetdi». Serginiň açylyş dabarasy diýseň şüweleňli we gyzykly boldy.

      Aslynda-ha iň gyzyklysy sergi zalyndaky eksponatlardy. Onda nesilbaşymyz Oguz handan başlap, halkymyzyň mertebesini dünýä ýaýmakda ähmiýetli orny bolan tanymal şahsyýetlerden başlap, mundan birnäçe ýyl öň sergilerine gatnaşyp ýa ussahanasynda heýkellerini synlan adamlara çenli Saragt Babaýewiň zehin-yhlasyna eýlenip, heýkele höwrügen ykbalyny wasp edýärdi.

      Häzirki döwürde bar bolan islendik zadyň taryhy köki, asyl gelip çykyşy, başlangyçlary bar. Ýöne olaryň köpüsiniň gözbaşyna barýan ýol taryhyň gatlaryna ýa heňňamyň hakydalaryna siňýärdi. Emma aňyrsyny inkäre bermeýän iki gudrat bar. Olaryň biri-hä heýkel, beýlekisem owaz, ýagny saz. Dini ynançlaryň aglabasynda Allatagalanyň adam atanyň keşbini ýedi ýerden toprak alyp ýasandygy hem-de janyň (ruhuň) onuň içine giresi gelmedik wagtynda ýaňlandyryp goýberen meýmirediji owazy – sazy hakyndaky rowaýat bardyr. «Palçykdan adama jan berjek ýigit» diýlen şahyrana meňzetmeleriň çalt rowaçlanýandygy ýöne ýere däldir. Esasy, gürrüňden uzaklaşmaly. Arasynda wagt tapyp Saragt aganyň ýanyna bardym. Sergide goýlan eserler barada käbir zatlary bilesimiň gelýändigini aýtdym welin, degişmä saldy-da, «Aşyrmät, şony özümiňem bilesim gelýär. Serginiň hem baş maksady şol. Ony tomaşa edýän synçylardan soramaly bu gün. Häzir welin oňa meniň elim degmez, myhmanlaryň göwnüni galdyrmajak, hemmesine-de ýetişjek bolýan. Birki günden aýlanaýsan-a» diýdi.

      «Dogrudan hem meniňki telegräk eken-ow» diýdim-de, sergä aýlandym. Adam mähellesi şeýlebir köpdi welin, Saragt aga bilen gelenleriň salamlaşmaga, gaýdýanlaryňam hoşlaşmaga bolan mümkinçiligi barha azalýardy. Hoşlaşman gaýtdym. Çünki her kim bu sergiden özboluşly lezzet alýardy. Sergiden bileje tirkeşip çykan hem bolsalar, galan ondan alan täsirlerini bir-birine joşup gürrüň berýärler. Alan täsirlerini ýanyndakylar bilen paýlaşýarlar. Men welin bu täsirleriň köptaraply öwüşginlerini gazetimiziň okyjylary bilen paýlaşmagy maksat edinenim üçin açylyşdan birki gün geçensoň, heýkeltaraşyň huzuryna täzeden bardym. Heýkellerden alan şeýtellerimi siziň bilen paýlaşmagy dogry bildim. Niýetläp baran sowallarymy orta okladym.

        Saragt aga, sizi ýakyndan tanaýanlygymy bilen ildeşlerimiziň arasynda siziň adyňyzyň hem familiýaňyzyň halkymyzyň geçmişindäki meşhur Sarahs baba bilen nähili baglanşygynyň bardygyny soraýarlar. Men olaryň sowallaryny jogapsyz goýýanyma müýnürgeýän. Hakykatdan hem siziň bu sowala  jogabyňyz nähili?

        Gönümel. Ondan dini esasly baglanyşyk gözlemeli däl. Ol durmuşy baglanyşygyň miwesi. Meniň dünýä inmegimiň öňüsyrasyndaky ýylda ata-babalarymyzyň ýaşaýan ýerleriniň Babadaýhan etrabynyň töwereklerinde öri meýdanlarynda gurakçylyk bilen bagly kynçylyklar ýüze çykypdyr. Maldarçylyk bilen güzeran dolaýan adamlaryň Wasa göçmegini öňe sürýän tekliplerem öňe sürlüpdir. Emma ahyrsoňunda her ýyl gurakçylyk bolup durmaz, şonuň üçin şu töwereklerden öri meýdanlaryny gözlemegi öňe sürýänleriň teklibi ýer alyp, Sarahsa göçüpdirler. Men Sarahs galasyndan 200-300 metr çemesi aralykdaky menzilde dünýä inipdirin. Şonuň üçin hem adyma Saragt goýupdyrlar. Babaýew bolsa biziň familiýamyz.

        Şekillendiriş dünýäsine, sungata, has takygy, heýkeltaraşlyga ilkinji imrinmeleriň özüňizde döräp ugrandygyny haçan we nähili aňdyňyz?

        Dördünji – bäşinji synplarda wagtym. Ol hem öz özünden döräbermedi. Aslynda biziň maşgalamyz sungat dünýäsinden üzňe bolmandyr. Doganoglan agam suratkeşdi. Oňa Ata Daşşyýew diýýärler. Daýym Gurban Rejebow suratkeşdi. Meniň sungata imrinmegimiň özeninde şolaryň zähmetiniň täsiri bar hasaplaýaryn. Magtymguly Pyragy hem diýýär-ä: «haýsy ýana agsa yşgyň-höwesiň, ýatsaň-tursaň hyýalyňdan gitmez hiç» diýip. Şol imrinmeleriň yzyna düşübem, ahyrsoňunda şu sergini gurama mümkinçilik tapdyk»

        Adamyň güllere seretse göwni açylýar, daglara seretse howalasy beýgelýär. Sungaty döredijiniň öz eserine siňdirýän ruhy barada oýlanyp gördüňizmi?

        Men o barada hemişe oýlanýaryn. Netijesini bolsa, döredijiligimden gözlemeli. Men şunuň bilen bagly ýene bir hakykaty nygtamak isleýärin. Umuman, sungat eseri ony döredijiniň özünden gaty bir uzak düşmeýär. Şonuň üçin, ilki bilen, öz ruhy derejäňi hemişe sagdyn saklamaly. Bu sowal düýpli gürrüňi, giňişleýin gürrüňi talap edýär. Seniň zehiniňi siňdirip, yhlasyňa eýlän eseriňi synlaýanlaryň her birisi hem şol eserden öz ruhuna meňzeşlik gözleýär. Diýmek, gysgaça aýdylanynda, sen öz döredýän eseriňi synlaýanlaryň ruhuna golaýlaşdyrmak üçin özüň şolara golaý bolmaly. Ýene-de bir aýtmaly zat bar. Halkymyzyň: «Gan bilen giren jan bilen çykar» diýen parasatly sözi bar. Nesilbaşymyz Oguzhandan arkama-arka, nesilme nesil dowamat dowam bolup gelýän häsiýetler bar. Olar Oguz handa-da bar, Çagry begde-de, Togrul begde-de, Alp arslanda-da, Jelaleddinde-de bar. Türkmen şol häsiýeti bilen dünýäde tanaldy ahyryn.  Ine, millilik, halkylyk diýilýän düşünjäniň özeni şunda-da, Aşyrmät.

        Men siziň ussahanaňyzda ençeme gezek boldum. Galam ýöretmek yhlasymyň peselip, ylham gorumyň üstüni ýetirmek islegim güýjände men suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň huzuryna barmagy halaýaryn. Sizde şeýle ahwalatlar bolýarmy?

        Hawa bolýar. Ýöne mende ol başgaçarak ýagdaýda ýüze çykýar. Siz meniň ussahanamyza baryp gördüňiz-ä. Menden belli bir döwürde  ýaşajyk suratkeşleriň, bu ugurdan bilim alýan talyplaryň hünär derejesine hemaýat etmegi haýyş etdiler. Ana, şonda men 15 ýyl töweregi olara galam bilen surat çekmegiň syrlaryndan gurnak sapagyny geçdim. Olary ösdürmegiň ählitaraplaýyn mümkinçiliklerini agtardym. Şonuň üçin hem ussahanama döredijilik dünýäsiniň dürli ulgamlaryndan wekilleri çagyryp, ýaşajyk şägirtlerim bilen döredijilik duşuşygyny gurnaýardy. Şol gurnaga gatnan talyplaryň käbiri eýýäm atly suratkeşler hökmünde tanalýar. Şol duşuşyga çagyrylan artistler, bagşylar, ýazyjy-şahyrlar hem meşhur halypalara öwrüldiler. Şonuň üçin hem meniň ussahanamyň özi bir tarapdan döredijilik duşuşyklaryň mesgenine öwrüldi.

        Beýleki halklaryň heýkeltaraşlary bilen işleşmek nesip etdimi?

        Hawa, her döwür bir döwür diýleni. Biziň ýaşlyk döwrümizde öz ugruňdan kämilleşmek üçin Moskwa, Ýurmala yzygiderli diýen ýaly gitmeli bolýardy. Moskwa 10-15 günlük möhlet bilen gidýärdim. Synpdaşym Mihaýil Dronowyň ussahanasyna barýanam welin, dünýäm täzelenäýýär. Birki gün-ä gyzykly. Ol özboluşly zehin. Birhili dörtburçlyja heýkeljik ýasap, towşanyň gulajygy ýaly gulak çykarýar welin gowy esere öwrüläýýär. Birki günden soň meniň pikirim üýtgeýärdi. «Bul-a ynha, ussahanasynda gybyrdap işläp ýör. Sen welin näçe gün bäri işläňok». Şo pikir döredigi derrew ýol petegimi çalşardym-da, Aşgabada tarap uçardym. Gelşime-de öýe barmazdan ilki ussahanama gelerdim.

        Siziň döreden portret heýkelleriňiziň aglabasy serkerdeler, şahyrlar, hökümdarlar diýsem hakykatdan daş düşmesem gerek?! Siz olaryň ruhy howalasyny döretmekde meňzeşlikleriň döremeginden kynçylyk çeken pursatlaryňyz boldumy?

        Ýok.  Bu hakda ýaňyrak gysgaça agzapdyk öýdýän. Olaryň hemmesiniň ruhy dünýäsi meňzeş. Onsoňam lukmanlaryň haýsy derde sataşyp gelenligine seretmezden, köplenç ýüregiň sagdynlygyny ilki anyklamaklarynyň düýp sebäbi – ýüregiň synanyň ýaşaýşyny kesgitleýändigi bilen bagly. Halkymyzyň bäş müň ýyldanam aňyrlara uzaýan taryhy ýolunda öz milliligini ýitirmän saklanyp gelmeginde şalaryň, soltanlaryň, serkerdeleriň ähmiýetli orny, edil synadaky ýüregiň orny ýalydyr. Olaryň häsiýetleri  we ruhy howalasy bir kökdendir. Ýöne bu olaryň keşpleriniň bir galypdygyny aňlatmaýar. Boýlarynyň deňdigini aňlatmaýar. Belli bir döwürde şahyrlaryň haýsydyr bir nokada seredip, çuňňur oýa batýan suratlaryny synlan tanyşlarymyň biri: «Hemmesi şeýdip bir meňzeş halda oýlanýanam däldir-le» diýip, degişme bilen aýdan çyny ýadymda. Diňe bir zehin däl, beýleki zehinleri gaýtalamakdan hem gaça durjak bolmaly. Ol meňzeşleşmek, öz aýratynlygyňy tapmakdan we ykrar etdirmekden daşlaşdyrýar. Beýle kynçylygyň döremegine ýol bermeli däl. Dörediji adam hemişe gözlegde bolmaly. Onsoňam, sungat, edebiýat, medeniýet adamlary ýaly menem  adamlaryň arasynda ýaşaýan. Işleşýänim adamlar. Adamlar bilen ýygnaklara, toýlara, dabaralara, märekelere gatnaşýas. Şonda men olary köp synlaýan. Emma şol adamlaryň aglabasynda bar bolan meňzeşliklerem bolýar. Ol durmuşda-da şeýle. Bizi millet hökmünde birleşdirýän umumylyklar bolsa sungatda hökman dabaralanmalydyr.

        Zehin hakynda näme aýdyp biljek?

        Zehinsiz adam ýok. Emma öz zehini tapmaýan, tapsa-da ýüze çykaryp bilmeýän adamlar welin juda kän. Onuň hem dürlüçe sebäpleri bar. Iň esasy sebäbi yzygiderli we tutanýerli işlemek başarnygyna ähmiýet berilmezligi. Märekäniň arasynda ökdedirin men diýýänlerdenem ökde adamlaryň bardygyny ýadyňdan çykarmasaň, tutanýerli işlemäge esas bolýar. Mümkinçilikleri deň adamlaryň birnäçesine deň derejede tabşyrylan ýumşy hemmesi bir wagtda tamamlamaýar. Hil derejesi babatda-da şeýle. Olaryň netijesi bolsa şol işleri ýerine ýetirýän adamlaryň hut öz jogapkärçiligine, tutanýerliligine, yhlasyna bagly.

        Heýkeliň beýleki eserlerden artykmaçlygy.

        Kän. Sungatda her žanryň özboluşlylygy bar. Bu olaryň biriniň beýlekiden artykdygyny ýa kemdigini aňlatmaýar. Heýkeller nakgaşçylygyň eserlerindäki ýaly reňklemäge degişli däl. Ýöne heýkelleriň daşyndan aýlanyp, görmek mümkinçiligi ony ýasaýandan ýiti synçylygy talap edýär.

        Hakykatdan hem. Jelaleddiniň at üstündäki heýkelini synlanymda gowy duýulýar. Onuň söweş wagtlarynda gözsüz batyrlyk bilen edýän hereketleri, atynyň üstünde bir aýagynyň dyzyny beýleki aýagynyň hem baldyryny goýup, deňagramlylygyny saklap, söweşýän pursady edil janly adamyň hereketini aňladýar. Saragt aga, şeýle heýkelleriň ýene birisi dogrusynda soramagy maksat edinipdim, ýanyňyza gaýdanymda.

        Aýdyber. Haýsy eser seniň ünsüňi çekdi?!

        Döwletgeldi Ökdirew bilen Allaýar Çüriýewiň heýkeli.

        Ol biziň ýaşaýan döwrümizde döreýän rowaýatyň beýany. «Deňiz guşy» diýen aýdymyň döreýşi bilen bagly rowaýatyň ençeme nusgasy ýaşaýar, halkyň arasynda. Ýöne men rowaýatyň şu nusgasyny ilkinji gezek eşidenimde, ynanmarsyň, Aşyrmät, endamymda, aýratynam ellerimiň arkalarynda garynja ýörän ýaly güýçli jümşüldi döredi. Öz ýanymdan «Men hökman şu rowaýaty heýkele öwürmeli» diýdim. Meniň üçin onuň hakyky gelip-çykyşyndaky jikme-jikliginden, illeriň agzyndan eşden nusgam gyzykly göründi. Adamlar rowaýatlaşdyrmagy hem rowaýatlaşmagy halaýarlar. Maňa gürrüň berişlerinä görä, Döwletgeldi neresse hassahanada ýatyrka, şahyr Allaýar Çüriýew onuň halyny soramaga barypdyr. Gürleşip otyrkalaram, açyk penjiräniň aňry ýüzünde aýnanyň öňüne deňiz guşy – çarlak gelip gonaýmazmy. Döwletgeldem muny erbede ýorupdyr-da: «Allaýar, şu ýönelige däl bolaýmasyn. Bir habar getiren ýaly» diýse-de diýipdir welin, yz ýanyndanam: «Sen şuňa bir goşgy düzseň, men onuň sazyn-a dörederdim» diýipdir. Allaýar Çüriýewem bir bendiniň ilkinji nusgasyny aýdypdyr welin, Döwletgeldem şoňa laýyklap dutarda täze saz çalaýypdyr. Ertesem, Döwletgeldi dünýäsini täzeläpdir.

        Saragt aga, ýene bir eseriňizi ýüregime has ýakyn gördüm.

        Haýsykar-aý ol?!

        Göçme kompazisiýaňyz.

        O-how, bir zat tapyberýäň-aý senem, ol haýsy heýkel?!

        Ikibara, ýekebara duran ýaşulular bar eken-ä, şoňa aýdýan.

        Şon-a özümem soň bildim, dogrusy. Iki ýaşulyny jebişleşdirip, bir heýkel ýasadym. Soň aýry-aýrylykda-da ýasadym, ýasaşdyryp bolanymdan soňra, bir ýerde durma barmy nä heýkellere, ussahanaň içinde. Soň olary duran ýerlerinden başga bir ýere geçirdim welin, seň aýdyşyň, onda-da gelişip dur. Hatara dursalar sazlaşyp dur, tegelenip dursalar, üçden-dörtden goýsaňam gelişmän duranok-how şol...

        Saragt aga, size döredijilik dünýäsinde rowaçlyk arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, biziň hemmämize rowana ak ýollar garaşýar». «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyndaky ýürek arzuwlaryňyz!

        Hormatly Prezidentimiz durmuşda her bir adamyň öz ornuny tapmagy üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Bu barada yzygiderli aladalary edýär. Zehin-başarnygy, zähmete yhlaslylygy bilen tapawutlanmagy başaranlaryň hemmesini höweslendirmegi başarýar. Döretmeli, gurmaly, zähmet çekmeli. Çünki zähmet ähli rowaçlyklaryň özenidir. Şonuň üçin hem bagtyýar ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Döwrüň asudalygynyň, ösüşleriniň rowana ýollarynyň sakasynda duran milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!       Başarnygy bilen döwletiň berkararlygyna, döwrüň bagtyýarlygyna rowaçlyk berýän Gahryman Arkadagymyzyň, jany sag, belent başy aman bolsun! Alla atalaryň arzuwyny amal edýän Gahryman Arkadagymyzy öz penasynda aman saklasyn! Il-ýurt bähbitli işlerine rowaçlyk bersin! Hemişe-de hemmelere gowulyklary arzuw edýärin. Diňe gowulyklary.

Söhbetdeşligi taýýarlan:

Aşyrmät GARLY, «Milli goşun».