milli goshun logo
«Kagyza ýazylan ykbal» kuboga mynasyp boldy
«Kagyza ýazylan ykbal» kuboga mynasyp boldy
16.10.2023 1343 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik çäresiniň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guralandygyny bellemek gerek.

Düýn bu halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmen estradasynyň ýyldyzlary teatryň sahnasynda ussatlyklaryny görkezip, kino baýramçylygynyň şowhunyny has-da artdyrdylar. Olar «Arkadagyň säheri» festiwalynda görkezilen filmlerden aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Medeni çäräniň barşynda halkara kinofestiwalda üstünlikli çykyş eden kino işgärlerini sylaglamak dabarasy hem geçirilip, olara degişli diplomlar gowşuryldy. «Türkmenistan» gazetinde habar berilmegine görä, Gazagystanyň «Gopuz», Täjigistanyň «Sary çeşme», Türkmenistanyň «Toý köýnek», «Umyt», «Nesibe», Özbegistanyň «Üzüm», «Meniň arzuwym Özbegistan», Gyrgyzystanyň «Umyt», «Öz kakasynyň ogly», «Poçtaçy» filmleri, Russiýanyň «Ahalteke» atly filmi, şeýle hem TRT teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň «Bozdag» Group kompaniýasy diplomlara, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Soňra kinofestiwalda 3-nji orny eýelän Gazagystanyň «Sary ömür» filminiň hem-de 2-nji orny eýelän Gyrgyzystanyň «Gelin heýkeli» filminiň döredijilik toparlaryna baýraklar gowşuryldy. Halkara kinofestiwalda 1-nji orny eýelän türkmenistanly režissýor Sapardurdy Annaýewe «Kagyza ýazylan ykbal» filmi üçin Arkadag şäherindäki «Akhan» binasynyň keşbindäki kubok dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ýeňiş türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýan üstünliklerimiziň biri bolup, täze taryhymyzyň şöhratly sahypasyna şöhlelendi.

Dabara Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Meşhur türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde fransuz, türk, rus, gyrgyz, täjik, gazak, azerbaýjan we özbek dillerinde aýdymlar ýaňlandy. «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly aýdym aýdym medeni çäräniň aýratyn bezegi boldy. Halklarydyr milletleri  ýürekdeş, dost-dogan eýledi.

Goý, türkmen topragynda – täze Arkadag şäherinde geçirilýän şeýle halkara çäreleriň dowamaty dowam bolsun!