milli goshun logo
Kabul edilýän kanunlary ýurdumyzyň raýatlaryna düşündirmek boýunça işler geçiriler
26.01.2019 462 Habarlar

Düýn geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow 2018-nji ýylda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna ýetmäge hem-de wezipelerini çözmäge gönükdirilen täze kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz kanunçylyk hukuk namalaryny halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen hukuk ulgamyndaky özgertmeleriň örän wajypdygyna Adalat ministrliginiň işgärleriniň ünsüni çekip, ýurdumyzyň raýatlaryna kabul edilýän hem-de hereket edilýän kanunlary düşündirmek boýunça işleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.