15-nji martda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer D.Amangeldiýew
hyzmatlaryň sanly ulgamyna geçmek we elektrik energiýasyny sarp edijiler bilen
hasaplaşyklary alyp barmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat
berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Aşgabat şäheriniň «Döwlet energogözegçilik» kärhanasynda häzirki zaman enjamlary we maksatnama üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrylan hasabat merkezi döredildi. Bu ýerde paýtagtymyz boýunça sarp edijileriň maglumatlary hem-de salgylary, sarp edilen elektrik energiýasynyň mukdary, tölegiň möhleti elektron görnüşde jemlenýär. Sarp edilen elektrik energiýasy üçin tölegleri öýjükli telefonlaryň, töleg terminallarynyň, internet ulgamynyň üsti bilen geçirmek mümkinçiligi döredildi. Şeýle merkezleri ýylyň ahyryna çenli ähli welaýatlarda açmak göz öňünde tutulýar.