milli goshun logo
Hususylaşdyrmak işleri dowam edýär
16.02.2019 732 Habarlar

15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygyny tamamlamak hakyndaky hem-de Balkan we Mary welaýatlaryndaky guşçulyk toplumlaryny hususylaşdyrmak hakyndaky kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, netijeli çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtap, daşary ýurt hem-de öz maýa serişdelerimizi çekmek üçin amatly maýa goýum, hukuk, maliýe we beýleki şertleri döretmek ýaly ugurlarda işlemegiň wajypdygyny aýtdy. Şunda iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ukyply döwrebap kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmegiň zerurdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Kararlara gol çekip, resminamalary wise-premýere elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly ugratdy we birnäçe tabşyryklary berdi.