milli goshun logo
Watansöýüji ýaşlara beýik ynamyň ykrarnamasy
Watansöýüji ýaşlara beýik ynamyň ykrarnamasy
15.01.2024 610 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, serkerdeler, çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar.

Bu günki tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Watan goragçylary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň ähli ýaşdaky watandaşlarymyz üçin ajaýyp döredijilik sowgady bolandygyny, onuň ýaşlar barada döwlet syýasatyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmekde gymmatly gollanma, ylmy taglymata öwrüljekdigini aýratyn nygtadylar.

Türkmen halkymyza peşgeş berlen bu kitabyň «Watan goragy ynamly gollarda» atly bölüminde ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan işler öz beýanyny tapýar. Bulardan başga-da, merdana Watan goragçylarynyň gaýduwsyzlygy, edermenligi, gaýratlylygy bu bölümiň many-mazmunynda giňden açylyp görkezilýär. Eziz Diýarymyzyň asudalygyny, parahatçylygyny has-da berkitmek, ýaş watançylary hakyky watansöýüjilik ruhunda kemala getirmek boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýerine ýetirilen nusgalyk işler anyk mysallar arkaly okyjylara ýetirilýär.

Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň aýdym-saz toparlarynyň sazandalarynyňdyr aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp döwrümizi, Milli Liderimiziň, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik işlerini wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, özboluşly watançylyk ruhuny döretdi. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.