milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişen güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişen güni mynasybetli baýramçylyk konserti
20.03.2024 309 Habarlar

Düýn – 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Oňa Mejlisiň, Hökümetiň we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulular, ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlary bu möhüm waka üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarlap, myhmanlara şowhunly konsert maksatnamasyny hödürlediler.

Konsert «Arkadagly Serdar, biz Siziň bilen!» atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Soňra meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu buýsançly  çykyşlar ýurdumyzyň häzirki okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesi bolup ýaňlanan «Arkadagly Gahryman Serdar bilen!» atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň rowaçlygynyň we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler wasp edildi.