milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlandy
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlandy
09.05.2024 168 Habarlar

Düýn – 8-nji maýda günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna şu gezekki sapary häzirki döwürde täze itergi berlen we many-mazmun taýdan baýlaşdyrylan netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmekde nobatdaky ädimdir. Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň berk hukuk binýady ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini üpjün edýän esasy şert hökmünde çykyş edýär. Geçen ýyllarda gol çekilen hökümetara resminamalara laýyklykda, milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.

Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň «Wnukowo – 2» Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary dowam edýär.