milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň dünýä derejesindäki meşhurlygy artýar
Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň dünýä derejesindäki meşhurlygy artýar
01.07.2019 2212 Habarlar

29-njy iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk we ukrain dillerinde neşir edilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Oňa Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, häzirki döwürde Diýarymyzda bolýan daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda milli Liderimiziň bu kitabynyň Türkmenistanyň taryhy tejribä, türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, ruhy mirasa sarpa goýmak däplerine daýanýan häzirki zaman ösüş konsepsiýasyny beýan edýändigi nygtaldy. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji hem-de ikinji kitaplar ýurdumyzda we dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, iňlis, rus we başga-da birnäçe dillere terjime edildi.