milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiziň bedewi — «Galkynyş» toparyna sowgat
Hormatly Prezidentimiziň bedewi — «Galkynyş» toparyna sowgat
18.02.2019 1293 Habarlar

17-nji fewralda Döwlet sirkinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Galkynyş» toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan ajaýyp bedewi sowgat bermek dabarasy boldy.

Bu waka medeniýeti ösdürmek meselelerine döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns berýändiginiň nobatdaky mysaly boldy. Bu baradaky meselelere hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen ýakynda geçiren duşuşygynda hem garaldy.

«Meniň baş maksadym merdana halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerine, medeniýetine, ruhy güýjüne daýanyp, dünýäde Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmakdyr. Bu bolsa jemgyýetimizi jebisleşdirýär we onuň ösüşini ruhy taýdan baýlaşdyrýar» diýip, milli Liderimiz şol duşuşykda çykyş edeninde aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň bu aýdanlarynyň iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygynyň mysaly hökmünde dünýäde milli mirasymyzy wagyz etmekde uly üstünlikleri gazanan meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna şu gün milli Liderimizden ýene-de bir ajaýyp sowgat edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň ösdürip ýetişdiren Ruhubelent diýen bedewi döwlet Baştutanymyzyň adyndan «Galkynyş» toparyna berildi. Döwlet sirkindäki şu günki nobatdaky çykyşlar hut şu ajaýyp habardan başlandy, sirk şüweleňine gelen tomaşaçylaryň ählisi bolsa bu täzeligi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Şeýle ajaýyp sowgat üçin milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri dabaraly ýaňlandy we açyk reňkli täsin bedew sirk sahnasynda tomaşaçylaryň öňünde ajaýyp kaddy-kamatyny we owadan hereketlerini görkezdi.