milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby enjamlary synagdan geçirdi
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby enjamlary synagdan geçirdi
05.08.2019 619 Habarlar

Dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby enjamlaryň käbirini synagdan geçirdi, nyşana ok atdy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýetginjeklik ýyllarynda-da nyşana ok atmak boýunça ýurdumyzyň çempiony bolmagy başarypdy. Milli Liderimiziň sporta ygrarlylygy, döwlet Baştutanymyzyň onuň dürli görnüşlerinde üstünlikleri gazanmagy ähli watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara nusga alarlyk görelde bolup durýar. Ýurdumyzyň durmuş syýasatynda bedenterbiýä saglygy berkitmegiň we goramagyň has möhüm şertleriniň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlara öz boş wagtlaryny has netijeli peýdalanmaga ýardam edip, beden kuwwatlygyny artdyrýar diýip, milli Liderimiz belleýär.