milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
10.05.2024 215 Habarlar

Düýn – 9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady. Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar – wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine – Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady.

Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna baryp, Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýdular. Hormatly Prezidentimiz Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, Baky oda gyzyl gülleri goýdy.

Bu baýram biziň hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr. Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Häzirki wagtda bu nurana baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris.