milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
18.05.2024 191 Habarlar

Düýn – 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz we rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny hasaba almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzda birnäçe wajyp düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde rejeleýiş we dizaýner işlerini ýerine ýetiren «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň goşandyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, Aşgabadyň günorta bölegindäki Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän seýilgäh toplumynyň baş şäherimiziň täze, ajaýyp desgalarynyň birine hem-de şäher ýaşaýjylarynyň, şol sanda döredijilik işgärleriniň dynç alýan merkezine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda işewür netijeli, anyk, işjeň söhbetdeşlik hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň özüne bildirilýän ynama buýsanýandygyny bellemek bilen, geljekde-de öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.