milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýy hakyndaky täze kitabyny ýazyp tamamlady
Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýy hakyndaky täze kitabyny ýazyp tamamlady
05.08.2019 776 Habarlar

Döwlet Baştutanymyz zähmet rugsadynda çeper döredijilik bilen meşgullanyp, türkmen alabaýy hakyndaky täze kitabynyň jemleýji setirlerini ýazdy. Tohum arassalygyny we gadymylygyny saklap galan bu itleri ahalteke bedewlerimiz, ajaýyp halylarymyz bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy mirasynyň bir bölegi diýip hasaplamak bolar.

Ägirt uly ylmy-barlag maglumatlaryň jemine, ylmy neşirleriň we golýazmalaryň öwrenilmegine esaslanan täze iş milli Liderimiziň türkmeniň buýsanjy we baýlygy hakynda ýazan kitaplarynyň üstüni ýetirer. Türkmen halkynyň ençeme nesilleri tarapyndan toplanan taryhy tejribe, däp-dessurlar, medeni miras we ruhy gymmatlyklar ösüş we öňe hereket etmek üçin ygtybarly esas, güýjüň çeşmesi we özüňe ynam bolup hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabyň soňky setirlerini ýazyp, onuň senesini we goluny goýdy. Ol ýakyn wagtda çap edilip, öz okyjylaryny alabaýyň tohumy, onuň döreýşi, güjüklerine tälim bermegiň usullary, köpeltmegiň esaslary bilen tanyşdyrar. Neşir okyjylaryň giň gatlagy üçin bolşy ýaly, türkmen itleriniň taryhyny, alabaý güjüklerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny öwrenýän hünärmenler üçin hem gyzykly bolar.