10-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soňra, häzirki döwürde Türki
dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşine başlyklyk edýän Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň haýyşy boýunça bu Geňeşiň
wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine
Geňeşe agza döwletleriň koronawirus pandemiýasyna garşy durmakdaky
tagallalaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham
Aliýewe şu maslahaty guramak baradaky başlangyjy öňe sürendigi üçin, tüýs
ýürekden minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz bu maslahatyň ählumumy häsiýete
eýe bolan we dünýäniň ähli döwletlerine täsir edýän örän möhüm meseleleri ara
alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikleri döreder diýip belledi.
Ýurdumyzda ýokanç keseliň täze görnüşiniň — COVID-19
koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler öz
wagtynda görüldi. Hususan-da, serhet, migrasiýa, gümrük düzgünleri tapgyrlaýyn
berkidildi. Şol bir wagtyň özünde emele gelen hakyky ýagdaýlar sebäpli,
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen howa gatnawlary çäklendirildi diýip, milli
Liderimiz sözüni dowam etdi.
Öz wagtynda görlen bu çäreleriň netijesinde,
Türkmenistanda arassaçylyk- epidemiologik ýagdaýlar durnukly bolmagynda galýar
we gözegçilikde berk saklanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow belledi hem-de bu ugurda zerur bolan ähli işleriň dowam
etdiriljekdigini aýtdy. Biziň ileri tutýan esasy wezipämiz adamlaryň
howpsuzlygyny, durmuşyny we saglygyny üpjün etmekdir. Döwletimiz munuň üçin
ähli tagallalary eder.