milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy
04.11.2023 428 Habarlar

Düýn – 3-nji noýabyrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň düýbüniň tutulmagy hem-de ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi. Ine, bu gün bolsa türkmen energogurluşykçylarynyň ýadawsyz, yhlasly zähmet çekmegi netijesinde halkalaýyn energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň nobatdaky tapgyry üstünlikli durmuşa geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.