milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi
23.02.2023 324 Habarlar

22-nji fewralda Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen geldi.

Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Bahreýniň Patyşasynyň «Al Gudaýbiýýa» köşgüne ugrady. Hormatly Prezidentimiz we Bahreýniň Patyşasy iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Soňra «Al Gudaýbiýýa» köşgünde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Özara düşünişmek we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Iki döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň we Bahreýniň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.

Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagyna — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine mynasyp bolandygyny habar berdi.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasynyň «Safiriýýa» köşgüne ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli garşylady.

«Safiriýýa» köşgünde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň Baştutanlary şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de olaryň anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidiklerini tassykladylar.