milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
05.06.2023 723 Habarlar

3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Paýtagtymyzyň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy bellenildi.

Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny türk tarapynyň resmi adamlary garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynyň Sergiler merkezine geldi. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan döwlet Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Döwlet Baştutanymyz türk Lideri bilen dostlarça salamlaşyp, ýurduň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan nobatdaky Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogany gutlady we oňa ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni «Çankaýa» köşgüne tarap ugraýar. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşan belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk işewürleri bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Hususan-da, Türkiýäniň işewürleriniň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän dürli taslamalara gatnaşmagynyň möhüm orny nygtaldy. Munuň özi iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmenistanda maýa goýumlar üçin amatly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyza ugrady.