milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.03.2024 439 Habarlar

Düýn – 11-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň häkimleri häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy üçin möhüm möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan işleriň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.