milli goshun logo
Gowaça meýdanlary artdyrylar
Gowaça meýdanlary artdyrylar
16.11.2019 1343 Habarlar

15-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl galla we pagta taýýarlamak boýunça döwlet tabşyryklarynyň doly ýerine ýetirilendigine garamazdan, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny, bu wezipeleriň çözülişiniň çaltlandyrylmalydygyny belledi.

Birinjiden, bugdaý ekilýän meýdanlaryň möçberini azaldyp, gowaça meýdanlaryny artdyrmak barada karara gelindi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi ilatymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gönüden-göni baglydyr. Ikinji mesele — oba hojalygynda işewürlik üçin oňaýly şertleri döretmeli hem-de döwletiň ornuny azaltmaly. Üçünji mesele — tebigy serişdelerimizi rejeli peýdalanmagy üpjün etmeli. Daşky gurşawy goramaga aýratyn üns bermeli.

Dördünji mesele oba hojalyk pudagyny sanly ulgama geçirmek bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk bilimini we ylmyny mundan beýläk-de ösdürmelidigini, maglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny has-da giňeltmelidigini belledi.