milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz milli ýygyndy toparymyzyň agzalaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz milli ýygyndy toparymyzyň agzalaryny gutlady
22.07.2024 198 Habarlar

Şu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna öz Gutlagyny iberdi. Onda, hususan-da: «Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn» diýlip, türkmen türgenlerine Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmek hem-de eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny täze, belent derejelere götermek arzuw edilýär.