Düýn – 3-nji iýunda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni
mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.
Paýtagtymyz Aşgabadyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda
ýerleşýän «Welosiped» binasy baýramçylyk mynasybetli guralan welosipedli
ýörişiň badalga alan ýeri boldy.
Welosipedli ýörişiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, hemişe bolşy ýaly,
ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi. Ýolugruna hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, alnyp
barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz welosipedli
ýörişi ussatlarça tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky
pellehana bardy.