milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz hanym Şen Ýueýueni kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz hanym Şen Ýueýueni kabul etdi
19.05.2024 174 Habarlar

Düýn – 18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýän bu gatnaşyklaryň strategik häsiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl Hytaýa amala aşyran saparlarynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, bu saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady.

Hanym Şen Ýueýue bu çäräniň türkmen hem-de hytaý zenanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, iki dostlukly halkyň ruhy gymmatlyklary bilen tanyşmakda, halklary parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine has-da ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.