milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz hanym Neda Bergeri kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz hanym Neda Bergeri kabul etdi
15.05.2024 131 Habarlar

Düýn – 14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni çärelere ýokary baha berdi.

Belläp geçsek, Neda Bergeriň 2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek baradaky başlangyjy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr.

Duşuşygyň dowamynda Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guralýan medeni çäreleriň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem şu ýylda Türkmenistanda VI Wena balyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar bilen gutlady.