milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary
23.10.2019 534 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň ikinji güni dürli möhüm wakalara baý boldy.

22-nji oktýabrda irden «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady dakmak dabarasy boldy.

Ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşiniň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy hem-de ylmy we bilimi ösdürmek üçin alyp barýan işi üçin Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly doktory adyny dakmak hakyndaky çözgüdi yglan edildi.

Uniwersitetiň ýolbaşçysy ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize degişli diplomy gowşurdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz talyplara ýüzlenip, siz öz ýokary ylym-bilimiňiz bilen dogduk Diýaryňyza gelip, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alnyp barylýan giň gerimli işlere goşandyňyzy goşmalysyňyz diýip, olara ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz günüň ikinji ýarymynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyndan çykyp, Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde, Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy.

Çärä dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.