milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
26.04.2019 992 Habarlar

25-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda çapdan çykan neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza hem-de ahalteke tohum atlarynyň bütin dünýädäki köp sanly janköýerlerine ajaýyp sowgadydyr.

«Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaby 8 bölümden ybarat bolup, dünýä taryhynda atyň keşbiniň kemala gelşiniň geçmişini öz içine alýan gözýetimi yzygiderli açyp görkezýär.

Milli Liderimiz özüniň her bir eserinde bolşy ýaly, ildeşlerimiz bilen pikirini paýlaşýar. Awtor «Ýoluň — rowaç, iliň — rowaç!» diýen ilkinji, giriş bölüminde türkmenleriň taryhynyň atlar bilen neneňsi ysnyşykly arabaglanyşyklydygy hem-de bu arabaglanyşygyň milletiň ykbalyny neneňsi kesgitländigi, onuň häsiýetine neneňsi täsir edendigi barada pikir ýöredýär. Şunda hormatly Prezidentimiz özüne ylham beren taýçanak bilen bolan ilkinji duşuşygy barada-da gürrüň berýär. Milli Liderimiz oňa buýsançly we joşgunly bolan Rowaç diýip at goýdy. Bu ylham şahyrana setirlere öwrüldi, täze kitap hem şol goşgy setirleri bilen açylýar.

Döwlet Baştutanymyz kitabynyň ahyrynda hemme beýan edenlerini jemläp we umumylaşdyryp, pikirini şeýle jemleýär:

«Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir.

Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!».