milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura sapary dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura sapary dünýä metbugatynyň sahypalarynda
29.08.2019 480 Habarlar

Türkmen Lideriniň Singapuryň ýolbaşçylary bilen duşuşygyna heniz taýýarlyk görülýän döwürde, ol dünýäniň habarlar agentlikleriniň gyzyklanmasyna eýe boldy, olar öz sahypalarynda bu sapara bagyşlanan makalalara uly orun berdiler. Şeýlelikde, geçen iki günüň dowamynda — 26 — 27-nji awgust günleriniň wakalary halkara metbugatyň uly üns merkezinde boldy.

Ilkinji nobatda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda merkezi gazetler, beýleki metbugat we elektron neşirler, teleradioýaýlymlar hem-de hususy elektron neşirler hormatly Prezidentimiziň saparyny has işjeň beýan etdiler. Şeýle hem bu sapar Singapuryň gündelik metbugatynda öz beýanyny tapdy.

Singapuryň iň abraýly iňlis dilindäki «The Straits Times» neşiri bu ýurduň söwda we senagat döwlet ministri Koh Poh Kunuň aýdanlaryny getirýär: «Singapuryň kompaniýalary eýýäm häzirden Merkezi Aziýa ýurdy Türkmenistan bilen himiýa we hususy bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenýärler, şunda söwda akymlaryny mundan beýläk-de artdyrmak üçin uly kuwwatlyklar bar».

Halkara «CNA» neşiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura ilkinji döwlet saparyny bu ýurduň Prezidenti hanym Halima Ýakobyň aýdanlaryna salgylanyp, «taryhy waka» diýip atlandyrdy.

Umuman, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belleýşi ýaly tutuşlygyna alnanda, Singapurda bolan duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeli häsiýeti taraplaryň gepleşikleri giňeltmäge bolan oňyn garaýyşlary, şeýle hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň binýadyny goýmaga gönükdirilen ylalaşyklar — bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň iki ýurduň gatnaşyklaryny täze hil derejesine çykarjakdygyna berk ynam döredýär.