milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary
28.08.2019 439 Habarlar

26-njy awgustda Singapur Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob hem-de ýurduň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen gepleşikleri geçirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy ähmiýetli waka bolan Singapur Respublikasyna şu döwlet saparyna gabatlanylyp, bu ýerde ikitaraplaýyn işewürler forumynyň, türkmen eksport harytlarynyň sergisiniň, şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigi bellärliklidir. Işewür forumyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar gol çekilen resminamalaryň toplumynda öz beýanyny tapdy. Şol resminamalar taraplaryň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.